TDHÇMB-niň şenbe günündäki geleşikleri: $289 millionlyk karbamid satyldy

BT
TDHÇMB-niň şenbe günündäki geleşikleri: $289 millionlyk karbamid satyldy
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty, Balkan welaýaty, Türkmenistan (Surat: tmrl.gov.tm)

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) şenbe günündäki söwdalaşyklarynda bahasy 289 million ABŞ dollara barabar bolan “B” görnüşli karbamid satyn almak barada geleşikler baglaşyldy. Bu barada TDHÇMB habar berýär.

Mundan başga-da, ýerli telekeçiler içerki bazar üçin bahasy 800 müň 342 manat bolan gabardin hem-de süýüm, nah ýüplük we dokma enjamlarynyň düýbünde galan galyndylary, bölek-büçek matalary we gaýry şuňa meňzeş zatlary satyn aldylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda jemi 17 geleşik hasaba alyndy.

1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistandaky eksport-import amallary düzgünleşdirýän esasy edara bolup durýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022