Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Oguzýoly” hojalyk jemgyýeti erik hasylyndan galýan bölegi Russiýa Federasiýasyna eksport etmegi meýilleşdirýär. Bu barada “Rysgal” gazetiniň duşenbe günündäki sanynda habar berilýär.
Häzirki wagtda kärhananyň Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda ýerleşýän baglarynda erigiň ir ýetişýän görnüşleriniň hasyly alyndy. “Oguzýolunyň” hünärmenleriniň belleýşi ýaly, ekerançylaryň ýadawsyz zähmeti we olaryň agrotehniki işlere oýlanyşykly çemeleşmekleri netijesinde ýokary hasyllylyk derejesi gazanyldy. Süýji, peýdaly we ekologiýa taýdan arassa hasyl Türkmenistanyň söwda dükanlaryna we bazarlara ýetirilýär.
Içerki bazaryň islegleri doly üpjün edilenden soň, galan önümler eksporta iberiler. Bu babatda eýýäm degişli işler alnyp barylýar. Ýagny rus bazarynyň wekilleri bilen degişli ylalaşyklar baglaşylýar.
Döwlet tarapyndan kärhana bölünip berlen ýüzlerçe gektar ýerlerde hasyl berýän baglar kemala getirildi. Bu ýerde erik, alma, şetdaly, garaly, armyt, ülje ýaly baglar ösdürilip ýetişdirilýär. Her bir baga hünärmenler aýratyn üns bilen çemeleşip, durnukly we ýokary derejeli hasyl almak üçin kadaly suwaryş we iýmitlendiriş işlerini geçirýärler.