Türkmenistanyň öri meýdanlarynda 6,4 million goýun-geçi idedilýär

BT
Türkmenistanyň öri meýdanlarynda 6,4 million goýun-geçi idedilýär
Türkmenistanda goýun-geçileriň öri meýdany (Surat: THP)

Türkmenistanyň oba hojalyk ugurly edaralarynyň berýän maglumatlaryna görä, maý aýynyň başynda ýurtda idedilýän goýun-geçileriň sany 6,4 million başa ýetip, şolaryň 5,6 million başy hususy maldarçylyk hojalyklaryna degişlidir. Gara mallaryň baş sany boýunça Mary welaýatynyň Tagtabazar, Sakarçäge we Ýolöten etraplary öňdeligi eýeleýär diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Ownuk şahly mallaryň sanynyň her ýylda artdyrylmagy owlak-guzy möwsüminiň üstünlikli geçirilmeginiň hasabyna üpjün edilýär. Şu ýyl bu möwsüm ýurduň günorta etraplarynda mart aýynda badalga aldy. Ýerli çopanlar sagdyn owlak-guzulary almak boýunça borçnamany ilkinji bolup ýerine ýetirdiler. Munuň şeýle bolmagyna çopanlaryň we hünärmenleriň ýadawsyz işleri hem-de olaryň ýaş owlak-guzularyň ýokary ýaşaýjylyk ukybynyň we saglygynyň ýokarlandyrylmagyny kepillendiren köpýyllyk tejribesi we işe bolan ussatlyklary ýardam etdi.

Däp bolan owlak-guzy möwsümi tamamlanandan soň, ownuk mallaryň ýazky gyrkym döwri başlanýar. Bu möwsüm aprel aýynyň ortasy – maý aýynyň başy aralygynda geçirilýär. Bu möwsüm Maldarçylyk döwlet birleşiginiň goldawlary esasynda anyk meýilnama boýunça alnyp barylýar. Işleriň guramaçylygy boýunça okuw maslahatlary hem-de gyrkymçylaryň ussatlygy boýunça ýaryşlar geçirilýär. Bu öz gezeginde tejribeleriň alşylmagyna we işleriň netijeli alnyp barylmagyna ýardam edýär.

Häzirki wagtda owlak-guzulara ideg etmek we weterinariýa hyzmatlaryna aýratyn ähmiýet berilýär. Tomus paslynyň ahyrynda maldarlaryň öňünde täze sürüleri döretmek üçin iň sagdyn toklulary saýlamak boýunça täze wezipe garaşýar. Toplanan bilimler, tejribeler we serişdeler geljege ynamly garamaga hem-de Türkmenistanda goýundarçylygy has-da ösdürmäge şert döredýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022