Ýanwar-maý: Türkmenistanda bölek satuw haryt dolanyşygy 12,5% artdy

BT
Ýanwar-maý: Türkmenistanda bölek satuw haryt dolanyşygy 12,5% artdy
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli geçirilen sergi, 2025-nji ýylyň 17-nji marty, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: TSSE)

Şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek satuw haryt dolanyşygy 12,5; daşary söwda dolanyşygy 5,4 göterim ýokarlandy. Bu barada çarşenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Hojamyrat Geldimyradow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, wise-premýer hasabat döwründe jemi içerki önümiň 6,3 göterim artandygyny, şol sanda senagat pudagynda ösüş depginiň 0,8; gurluşykda 4,7; ulag we aragatnaşyk pudagynda 10,8; söwdada 9,9; oba hojalygynda 4 we hyzmatlar ulgamynda 8,6 göterime deň bolandygyny aýtdy

Şeýle hem şu ýylyň bäş aýynda jemi öndürilen önümiň möçberi 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 9,7 göterim artdy.

Habarda bellenilişi ýaly, hasabat döwründe Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 101,2; çykdajy bölegi 97,6 göterim ýerine ýetirildi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmek, jemi içerki önümiň ösüş depginini ýylyň ahyryna çenli bellenen derejede saklamak üçin zerur çäreleri görmegiň wajypdygyny bellemek bilen, wise-premýere ýurdy ösdürmek boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hökümet mejlisinde döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe meselelerine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022