Dünýä Liderleri Türkmenistanyň Prezidentini Gurban baýramy bilen gutladylar

BT
Dünýä Liderleri Türkmenistanyň Prezidentini Gurban baýramy bilen gutladylar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow (Surat: TDH)

Dünýä döwletleriniň ýolbaşçylary mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa gutlag hatyny iberdiler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon gutlag hatlaryny ýolladylar.

“Gurban baýramynyň ynsanperwerlik, ylalaşyklylyk, rehimdarlyk, haýyr-sahawat hem-de özara goldaw bermek ýaly belent ruhy taglymlarynyň geljekde-de biziň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasynda dostluk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagy üçin berk binýat bolup hyzmat etjekdigine ynanýaryn” diýilip, gutlag hatda bellenilýär.

Dünýä döwletleriniň ýolbaşçylary Türkmenistanyň döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedowa şu baýramçylyk günlerinde berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de durnukly ösüş arzuw etdiler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022