Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) geçen hepdede daşary ýurt walýutasynda geçirilen söwdalaryň jemi bahasy 367 million 656 müň ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.
Daşary ýurt walýutasyna Ukrainadan, Owganystandan, Birleşen Arap Emirliklerinden hemde Gyrgyz Respublikasyndan gelen telekeçiler “Türkmennebit” döwlet konserninde öndürilen yşyklandyryjy kerosini satyn aldylar. Şeýle-de Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň hem-de türkmen telekeçileriniň kärhanalarynda öndürilen dokma önümleri satyldy.
Mundan başga-da türkmen telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 16 million 970 müň manatlyk nebit bitumyny we dürli görnüşli dokma önümlerini satyn aldylar.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 10-sy hasaba alyndy.