Maryda ammiak hem-de ammiak selitrasyny öndürýän zawod gurlar

BT
Maryda ammiak hem-de ammiak selitrasyny öndürýän zawod gurlar
“Maryazot” önümçilik birleşigi (Surat: turkmenhimiya.gov.tm)

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň çäginde ammiak hem-de ammiak selitrasyny öndürýän zawod gurular. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamämmedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde teklip etdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, wise-premýer gözegçilik edýän toplumynda, hususan-da, “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda konsern tarapyndan dürli mineral dökünleri öndürmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, täze önümçilikleri ýola goýmak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Munuň özi içerki sarp edijileri oba hojalyk dökünleri bilen doly üpjün etmäge hem-de olary daşary ýurtlara eksport etmäge ýardam berer.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurtda ýokary hilli mineral dökünleri öndürmäge uly üns berilýändigini, bu ugurda innowasion enjamlar we tehnologiýalar ornaşdyrylan täze, döwrebap zawodlaryň gurlup ulanmaga berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň döwlet Baştutany Mary welaýatynyň Mary etrabynyň çäginde ammiak hem-de ammiak selitrasyny öndürýän zawody gurmak boýunça halkara bäsleşigi yglan etmek baradaky teklibi makullap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

2022