“Mäkäm” kompaniýasy Daşoguzda täze çagalar bagyny gurýar

BT
“Mäkäm” kompaniýasy Daşoguzda täze çagalar bagyny gurýar
Türkmenistanda gurluşyk işleri alnyp barylýar. (Surat: Türkmenmetbugat)

“Mäkäm” hususy kärhanasynyň hünärmenleri Daşoguz welýatynyň “Gülistan” ýaşaýyş jaýlary toplumynda 240 orunlyk täze çagalar bagynyň gurluşygyna başladylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, täze bina jemi iki ýarym gektara golaý meýdany tutýar. Mekdebe çenli çagalaryň hemmetaraplaýyn ösmegi, şol sanda daşary ýurt dillerini öwretmek, çagalaryň işjeň oýunlary we döredijiligi üçin hem-de kompýuter enjamlary bilen işlemäge höweslendirmek üçin ähli şertleri dörediler. 

Şeýle hem täze çagalar bagynyň iki gatly binasynda on iki topar üçin otaglar bolar. Her toparyň eşik çalşylýan otagy, iýmit paýlaýyş otagy, oýunlar otagy, ýatylýan otagy we hajathanasy bolar. Şeýle hem aýdym-saz zaly, ýapyk suw howdany we açyk meýdança hem-de naharhana gurlar.

Abadanlaşdyrylan daşky gurşawda dynç alyş we oýunlar üçin meýdançanyň, gök önümleri we miweleri ekmek üçin meýdançanyň we dürli maksatly beýleki zerur desgalaryň bolmagyna garaşylýar.

2022