Gazagystanyň Mangistau oblastynyň Lomaý-paýlaýyş merkeziniň wekilleriniň Türkmenistana amala aşyran işewürlik saparynyň dowamynda Aktau şäherine türkmen gök-bakja önümlerini we miwelerini möwsümleýin esasda ibermek meseleleri maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.
Taraplar bu işde merkeziň 40 müň tonna çenli önümi saklamaga niýetlenen logistika infrastrukturasyny ulanmagyň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.
Türkmenistanda oba hojalyk önümlerini ösdürip ýetişdirýän, gaýtadan işleýän we eksport edýän iri düzümleriň wekilleri bilen geçirilen duşuşyklarda gazak wekiliýetiniň agzalary alma, beýi, hurma, erik, garaly, pomidor, sogan ýaly gök-bakja önümlerini satyn almaga gyzyklanma bildirdiler. Şunda bu ugurda hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň Balkan welaýaty bilen serhetýaka çäkde ýerleşýän Mangistau oblastynyň möwsümleýin hem-de logistik artykmaçlyklaryny hasaba almak esasynda ösdürmek göz öňünde tutulýar.
Gazagystanly wekiller Türkmenistanda tropik miweleri, şol sanda banan ösdürip ýetişdirmäge ýöriteleşen döwrebap ýyladyşhana toplumlaryna hem baryp gördüler.