Eýranyň daşary işler ministri Arakçi sapar bilen Türkmenistana geldi

BT
Eýranyň daşary işler ministri Arakçi sapar bilen Türkmenistana geldi
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýranyň daşary işler ministri Seýed Abbas Arakçiniň arasynda geçirilen duşuşyk, 2025-nji ýylyň 23-nji iýuny, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: Türkmenistanyň DIM-i)0

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 2025-nji ýylyň 23-nji iýunynda Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Seýed Abbas Arakçi bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda taraplar türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Duşuşykda Ýakyn Gündogar sebitindäki ýagdaýa aýratyn üns berildi. Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan halkara meseleleriniň parahatçylykly ýollar bilen çözülmegine berk eýermek bilen, häzirki wagtda Ýakyn Gündogardaky ýagdaýy çözmekde ähli gyzyklanýan taraplaryň gatnaşmagynda gepleşikleri geçirmek arkaly sebitiň durnuklylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmäge ýardam bermäge taýýardygyny beýan etdi.

Seýed Abbas Arakçi öz gezeginde Türkmenistan bilen özara hormat goýmak we goňşuçylyk gatnaşyklary esasynda konstruktiw dialogy dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklady.

Şeýle hem Eýran tarapy Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Liderine bildirilen raýdaşlyk hem-de wagtynda berlen ynsanperwer kömek üçin minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşykda bellenilişi ýaly, islendik ýüze çykan ýagdaýlary diňe syýasy-diplomatik serişdeler arkaly, BMG-niň Tertibnamasyna we halkara hukuga laýyklykda çözülmelidir.

Eýranyň daşary işler ministri doganlyk Türkmenistan döwletine, onuň ýolbaşçylaryna we halkyna hemişelik goldawlary üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen tarap bilen syýasy dialogy dowam etdirmäge taýýardygyny aýtdy.

2022