Lebap welaýatynyň ähli hojalyklarynda şu ýylyň bäş aýynda gök önümleriň 26,7 müň tonnadan gowragy, miweleriň we ir-iýmişleriň 824,4 tonnasy, ýeralmanyň 18,8 müň tonna golaýy öndürildi. Bu barada penşenbe güni çap edilen “Türkmen gündogary” gazetinde habar berilýär.
Habarda bellenilişi ýaly, bu önümleri öndürmekde geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ep-esli ösüş depgini gazanyldy (gök önümler 36,6 göterim, miweler we ir-iýmişler 14,9 göterim, ýeralma 2,7 göterim).
Şeýle hem welaýatyň hojalyklary boýunça owlak-guzularyň 1 million 257,6 müňden gowragy alnyp, degişli meýilnama üstünlikli berjaý edildi. Häzirki wagtda welaýat boýunça iri şahly mallaryň 561,9 müň başy, dowarlaryň 3 015,6 müň başy, guşlaryň 4 183,7 müň başy, düýeleriň 6 müň başy, gylýallaryň hem 2,8 müň başy idedilýär.
Şu ýylyň tamamlanan bäş aýynda bolsa welaýatyň ähli hojalyklary boýunça etiň (diri agramda) 63,4 müň tonnasy, süýdüň 228,3 müň tonnasy, ýumurtganyň hem 108,1 million sanysy öndürildi.