Türkmenabadyň himiýa zawodynda 116 müň tonna golaý kükürt kislotasy öndürildi

BT
Türkmenabadyň himiýa zawodynda 116 müň tonna golaý kükürt kislotasy öndürildi
Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawody

Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodyň hünärmenleri şu ýylyň geçen bäş aýynda 115 müň 850 tonna kükürt kislotasyny öndürdiler. Bu barada penşenbe güni çap edilen “Türkmen gündogary” gazetinde habar berilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, bu döwürde 11 müň 297 tonna mineral dökün öndürildi. Olaryň hatarynda 5 müň 227 tonna azotly we 6 müň 70 tonna fosforly dökünler bar. Geçen bäş aýda jemi 118 million 840 müň 642 manatlyk önüm öndürildi.

Kärhanada öndürilýän himiýa önümleri ýurduň oba hojalyk meýdanlarynda giňden peýdalanylýar.

Ýakynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda, bu ýerde ýylda 350 müň tonna super fosfat we 100 müň tonna ammoniý sulfatyny öndürýän täze toplumyň gurluşygy meýilleşdirilýär. Bu taslamany amala aşyrmak üçin “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine Koreýa Respublikasynyň “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

2022