Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň Baş prokurorynyň täze orunbasaryny wezipä belledi

BT
Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň Baş prokurorynyň täze orunbasaryny wezipä belledi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisi, 2025-nji ýylyň 2-nji iýuly, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: "Watan Habarlary")

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisinde ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Muhammetmyrat Gurbanmyradowiç Sapargulyýewi Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasary, Baş müdirliginiň müdiri wezipesine belledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Muhammetmyrat Gurbanmyradowiç Sapargulyýew täze wezipa bellenilmek bilen Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy.

Bu resminama “Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda kabul edildi.

Şeýle hem ýustisiýanyň geňeşçisi Begenç Ýazmuhammedowiç Gurbangulyýew Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasary, Baş müdirliginiň müdiri wezipesinden boşadyldy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisinde ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine Türkmenistanda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

2022