Türkmenistan bilen Owganystan energetika, ulag-aragatnaşyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

BT
Türkmenistan bilen Owganystan energetika, ulag-aragatnaşyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
Raşid Meredow bilen Abdul Gani Baradaryň arasynda geçirilen duşuşyk, 2025-nji ýylyň 3-nji iýuly, Baku, Azerbaýjan (Surat: Türkmenistanyň DIM-i)

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow 2025-nji ýylyň 3-nji iýulynda Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde ykdysady meseleler boýunça Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarynyň wezipesini ýerine ýetiriji Abdul Gani Baradar bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda energetika hem-de ulag-aragatnaşyk ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hususan hem Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan (TOP) elektroenergetiki we optiki süýmli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygy bilen bagly birnäçe soraglara garaldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Şeýle hem duşuşygyň dowamynda taraplar Aşgabat bilen Kabulyň arasynda syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna we söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň giňeldilmegine degişli meseleleri hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşyk türkmen wekiliýetiniň 3-4-nji iýul aralygynda Hankendi şäherinde geçirilýän Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza döwletleriň sammitine gatnaşmak üçin Azerbaýjana amala aşyran saparynyň çäklerinde geçirildi.

2022