Türkmenistan AÖB-niň söwda ugry boýunça maksatnamasynyň degişli taslamasyna goşular

BT
Türkmenistan AÖB-niň söwda ugry boýunça maksatnamasynyň degişli taslamasyna goşular
Aziýanyň ösüş banky (Surat: adb.org)

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Aziýanyň ösüş bankynyň Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin söwda ugry babatynda goşulyşmak maksatnamasynyň ikinji tapgyryny durmuşa geçirmek boýunça sebitleýin taslamasyna Türkmenistanyň goşulmagy hakyndaky teklibini Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna hödürledi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, wise-premýer onuň çäklerinde “Söwda syýasaty”, “Söwda amallaryny ýeňilleşdirmek” atly taslamalara goşulmagy teklip etdi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ýurdumyzyň daşary ýurt döwletleri, halkara we sebitleýin maliýe-ykdysady guramalarydyr institutlary bilen özara bähbitli gatnaşyklary alyp barýandygyny belledi. Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň ösüş bankynyň Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň degişli taslamasyna ýurduň gatnaşmagy bilen bagly taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, häzirki wagtda şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda bu halkara maslahaty geçirmek boýunça taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygyny aýtdy. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ykdysady mümkinçiliklerini artdyrmaga, sebitara we halkara söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge ýardam etjek bu forumy ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hakynda Karara gol çekdi hem-de bu ugurda degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

2022