Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynda Şweýsariýanyň “La Roche” farmasewtik kompaniýasynyň wekilleri bilen iş duşuşygy geçirildi. Duşuşykda gemofiliýa we arka myşsalarynyň atrofiýasy ýaly seýrek duş gelýän kesellerden ejir çekýän çagalara lukmançylyk goldawyny bermäge gönükdirilen häzirki hyzmatdaşlyk taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.
BMG-niň Ženewadaky Hemişelik wekilhanasynyň sişenbe güni habar bermegine görä, hereket edýän taslamalaryň çäklerinde näsaglara zerur derman serişdeleri ýetirilýär. Bu serişdeler olaryň saglygynyň hilini ep-esli ýokarlandyrýar we maýyplyga sezewar bolmak howpuny peseldýär.
Taraplar hassalaryň uzak möhletleýin bejergisini üpjün etmek, lukmanlaryň taýýarlygy we anyklaýyş serişdeleriň üpjünçiligi bilen bagly meseleleri hem ara alyp maslahatlaşdylar.
“La Roche” kompaniýasynyň wekilleri türkmen tarapy bilen durnukly we uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.
“La Roche” kompaniýasy 1896-njy ýylda Şweýsariýada, Germaniýada we Italiýada döredilip, farmasewtiki serişdelerini öndürýän ilkinji kompaniýalaryň biridir.



30635-495x4352.jpg)



30457-495x4352.jpg)



30635-90x604.jpg)





