Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi sişenbe güni Ukrainanyň "FREEДОМ" teleýaýlymynyň Türkmenistany internet elýeterliligi boýunça “ýapyk” ýurt hökmünde häsiýetlendirmek bilen, Türkmenistanyň internet gurşawy barada ýoýulan we hakykata laýyk gelmeýän maglumatlary ýaýlymda görkezenligine protest bildirip, resmi beýanat berdi.
Beýanatda 8-nji iýulda ýaýlyma berlen gepleşigiň maglumat taýdan ygtybarly däldigi bellenip, onuň ýurdumyzdaky Internet giňişliginiň hakyky ýagdaýyny obýektiw taýdan şöhlelendirmeýändigi nygtalýar.
“Häzirki zaman Türkmenistan barada hakyky düşünjesi bolmaýan, bir gezek hem ýurdumyza gelip görmedik, döwlet we jemgyýetçilik edaralarynyň wekilleri hem-de öz kärdeşleri – türkmen žurnalistleri bilen hiç hili aragatnaşyk saklamaýan ýokarda agzalan teleýaýlymyň wekilleriniň şeýle maglumatlary ýaýratmaga nähili hukugynyň bardygyna düşünmek kyn” diýlip, resmi beýanatda aýdylýar.
Türkmenistanyň DIM-i “FREEДОМ” teleýaýlymynyň bu hereketiniň ilkinji ýagdaý däldigini belläp, şeýle ädimleri faktlary ýoýmak tejribesiniň bir bölegi hökmünde häsiýetlendirdi. Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy ýurduň garaşsyzlygyny alany bäri ykdysady we ynsanperwer ugurlarda Ukraina kömek berip gelýändigini belläp, şunuň ýaly şertlerde şeýle galp maglumatlaryň ýaýradylmagynyň aýratyn alada döredýändigini nygtady.
Beýanatda 1990-njy ýyldan bäri köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň Ukraina döwletine uly möçberde tebigy gazy iberendigi bellenilýär. Şol döwürde ukrain kompaniýalarynyň Türkmenistanyň energetika, ulag we aragatnaşyk pudaklarynda milliardlarça dollarlyk taslamalary üstünlikli amala aşyrandyklary we olaryň köpüsiniň häzirki güne çenli ýurtda işlerini dowam etdirýändikleri aýdylýar.
“Şu ýagdaýlary göz öňünde tutup, ukrain metbugatynyň käbir wekilleri ýönekeý hakykaty ýatdan çykarmaly däldirler: ‘ýagşylygyň öwezini ýagşyllyk bilen dolmaly’, tersine däl” diýip, Türkmenistanyň DIM-i nygtady.
Türkmenistan Ukrainanyň metbugatyna gözegçilik edýän degişli döwlet gulluklaryndan we edaralaryndan şeýle ýagdaýlaryň gaýtalanmazlygy üçin milli kanunçylygyň çäginde zerur çäreleri geçirmegi talap etdi.








_(1)30624-495x4352.jpg)
30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


