Lebap welaýatynyň Begaryk obasynda 400 orunlyk täze mekdep gurulýar

BT
Lebap welaýatynyň Begaryk obasynda 400 orunlyk täze mekdep gurulýar
Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli täze mekdebiň açylyş dabarasy, 2024-nji ýylyň 1-nji sentýabry (Surat: TDH)

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Begaryk obasynda 400 orunlyk döwrebap umumybilim berýän mekdep gurulýar. Gurluşyk işlerine 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda badalga berlip, ony täze okuw ýylynyň başyna çenli ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak meýilleşdirilýär.

"Ussa Tirkeş"hususy kärhanasynyň wekilleriniň bellemegine görä, häzirki wagtda gurluşyk işleri jemleýji tapgyra gadam basdy. Bu barada “Türkmen gündogary” gazetiniň penşenbe günündäki sanynda habar berilýär.

Hojaili geňeşliginiň düzümine girýän obalar şäheriň golaýynda ýerleşýändigi sebäpli, bu ýerde infrastrukturanyň ösüşi ýokary depginde alnyp barylýar. Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde döwrebap bilim we saglyk edaralary, çagalar baglary we sport toplumlary ýaly durmuş maksatly desgalar gurlup ulanmaga berilýär.

Häzirki wagtda Hojaili geňeşliginiň çägindäki orta mekdepleriň 6-synda 4 müňden gowrak okuwçy bilim alýar. Olaryň iň irileri Ýeňiş we Pagtaçy obalarynda ýerleşip, olar degişlilikde 640 we 624 orunlyk bolup, türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy esasynda gurlup ulanmaga berildi. Şeýle hem, ýakynda Dostluk obasynda 160 orunlyk täze 9-njy çagalar bagynyň binasy ulanylmaga berildi. Mundan başga-da, bu ýerde öňden hem çagalar baglarynyň 2-si hereket edýär.

Begaryk obasynda gurulýan täze mekdep döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň oba ýaşaýjylaryna täze okuw ýylyna ýatdan çykmajak gymmatly sowgady bolar.

Şeýle-de, Daşoguz şäheriniň demirgazyk bölegindäki "Gülistan" ýaşaýyş toplumynda 600 orunlyk täze umumybilim berýän mekdebiň gurluşygyna başlandy.

2022