BMGÖM şäherleri klimat üýtgemelerine uýgunlaşdyrmak boýunça sebitleýin taslamany işe girizdi

BT
BMGÖM şäherleri klimat üýtgemelerine uýgunlaşdyrmak boýunça sebitleýin taslamany işe girizdi
“Merkezi Aziýanyň şäherleriniň klimat üýtgemelerine we tebigy betbagtçylyklara garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak” sebitleýin taslamasy boýunça seminar, 2025-nji ýylyň 10–11-nji iýuly, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: BMGÖM)

BMG-niň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM) Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi hem-de Aşgabat şäher häkimligi bilen hyzmatdaşlykda Merkezi Aziýanyň şäherleriniň klimat üýtgemelerine we tebigy betbagtçylyklara garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin täze sebitleýin taslamany işe girizdi. Bu barada BMG-niň Ösüş maksatnamasy habar berdi.

2025-nji ýylyň 10–11-nji iýulynda BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynda Ýaponiýanyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän taslamanyň başlangyç seminary geçirildi. Bu çärä şäher häkimlikleriniň, taslama institutlarynyň wekilleri, ministrlikleriň işgärleri, ylmy işgärler, we ösüş boýunça hyzmatdaşlar gatnaşyp, klimat üýtgemelerine uýgunlaşdyrmak we tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmaga garşy çäreleri şäher meýilnamalaşdyrylyşyna goşmak boýunça pikir alyşdylar.

BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekiliniň orunbasary Tomisa Paowiç Merkezi Aziýa ýurtlaryň tebigy betbagtçylyklara— ýer titremelere, suw joşmalara we gurakçylyga — duçar bolmak howpunyň artýandygyny, bu ýagdaýyň şäherleriň infrastrukturasyna we ykdysady ösüşine uly töwekgelçilik döredýändigini nygtady. Ol Türkmenistanyň şäherleriniň aýratyn-da ýer titremelerine, suw joşmalara we guraklyga örän duýgurdygyny belledi.

Bu iki günlük seminarda gatnaşyjylar Aşgabat şäheriniň klimat üýtgemelerine we tebigy betbagtçylyklara garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin teklip edilen Ýol kartasyny ara alyp maslahatlaşdylar we onuň durmuşa geçirişini ugrukdyrmak üçin tehniki iş toparyny döretmek barada ylalaşdylar. Bu sebitleýin taslama 2027-nji ýyla çenli dowam eder hem Merkezi Aziýanyň bäş ýurduna klimat üýtgemelerine we tebigy betbagtçylyklara garşy durnuklylygyny ýokarkarlandyrmaga goldaw berer.

2022