Gurbanguly Berdimuhamedow Hazar deňziniň kenary boýunça welosipedli gezelenç etdi

BT
Gurbanguly Berdimuhamedow Hazar deňziniň kenary boýunça welosipedli gezelenç etdi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hazar deňziniň kenary boýunça welosipedli gezelenç edýär, 2025-nji ýylyň 13-nji iýuly, Awaza, Balkan welaýaty, Türkmenistan (Surat: Watan habarlary)

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde  Hazar deňziniň kenary boýunça welosipedli gezelenç etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi.

Welosipedli gezelençden öň türkmen halkynyň Milli Lideri "Awaza" Milli syýahatçylyk zolagynyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän köpugurly sport toplumyna baryp, irki sport maşklaryny ýerine ýetirdi.

"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň açylyş dabarasy 2007-nji ýylyň iýun aýynda geçirilipdi. Şondan bäri “Awaza” halkara işewürlik forumlarynyň, konferensiýalaryň, festiwallaryň, bäsleşikleriň, konsertleriň we sport çärelerine mynasyp derejede geçirilýän ýerine öwrülip gelýär.

Syýahatçylyk zolagy özüne çekiji binagärlik we inženerçilik aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Onuň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär. "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn işler syýahatçylyk ugurlarynyň artmagyna we bu sebitiň halkara derejesindäki abraýynyň ýokarlanmagyna ýardam berýär.

2022