Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlanyp, ykdysadyýetde ýetilen sepgitleriň sergisi 2025-nji ýylyň 18–20-nji sentýabry aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriler.
Söwda-senagat edarasynyň habar bermegine görä, sergi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurduň ykdysadyýetinde gazanylýan durnukly ösüşi we uly mümkinçilikleri görkezmek bilen birlikde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňde durýan wezipeleri açyp görkezmegi maksat edinýär.
Üç gün dowam etjek sergide ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary öz gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrarlar.
Myhmanlara energetika, senagat, nebitgaz we himiýa, dokma senagaty, gurluşyk, ulag, oba hojalygy, saglygy goraýyş, bilim, syýahatçylyk we daşky gurşawy goramak ýaly ulgamlary öz içine alýan giň gerimli sergi görkeziler.
Çäräniň guramaçylary bu serginiň Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň aýdyň beýanyna öwrüljekdigine hem-de esasy gatnaşyjylar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga mümkinçilik berjek möhüm platforma boljakdygyna ynam bildirýärler.



30635-495x4352.jpg)



30457-495x4352.jpg)
30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


