“Mitsubishi Heavy Industries” bilen “Türkmenhimiýa” üç ýyllyk şertnama baglaşdy

BT
“Mitsubishi Heavy Industries” bilen “Türkmenhimiýa” üç ýyllyk şertnama baglaşdy
«Garabogazkarbamid» zawody, Balkan welaýaty, Türkmenistan (Surat: tca.gov.tm)

Ýapon senagat ägirdi “Mitsubishi Heavy Industries” kompaniýasynyň şahamçasy bolan “Mitsubishi Heavy Industries Asia Pacific Pte. Ltd.” (MHI-AP) ýurdumyzdaky iň iri dökün zawodyna — «Garabogazkarbamid» kärhanasyna eýeçilik edýän «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen üç ýyllyk hyzmat şertnamasyny baglaşdy.

Dünýä derejesinde hyzmat merkezleriniň biri hökmünde çykyş edýän MHI-AP himiýa zawodyny gaz turbinaly generator, ýokary basyşly kompressorlar, nasoslar ýaly möhüm enjamlar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny hem-de beýleki enjamlaryň böleklerini we sarp ediş serişdeleri bilen üpjün eder. Bu hyzmatlar “Mitsubishi” bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylar.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni ýaly pudakda öňdebaryjy hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary müşderileriň dürli ugurlardaky ösýän isleglerine netijeli jogap bermäge mümkinçilik berýär. “Biz müşderilerimiziň önümçilik desgalarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün edýän ýokary hilli hyzmatlary bermäge ygrarly bolmagymyzda galýarys” — diýip, “Mitsubishi Heavy Industries” kompaniýasynyň Aziýa–Ýuwaş ummany sebiti we Hindistan boýunça sebitleýin direktory Takehiko Kikuçi nygtady.

Bu şertnama “Mitsubishi Heavy Industries” toparynyň EPC şertnamalaryndan başlap, önümçilik desgalarynyň dolandyrylmagyna çenli ähli tapgyrlarda müşderilere hyzmat etmäge gönükdirilen giň strategiýasynyň bir bölegidir. Kompaniýa dünýäniň dürli künjeklerinde senagat toplumlarynyň durnukly we ygtybarly işlemegini goldamak ugrunda tagalla edýär.

“Mitsubishi Heavy Industries Asia Pacific” şahamçasy Singapurda esaslandyrylyp, Singapur, Malaýziýa, Taýland, Indoneziýa, Filippinler, Wýetnam, Hindistan, Awstraliýa sebitlerdäki we beýleki ýurtlardaky işiniň ösmegini üpjün edýär. Kompaniýa şähergurluşyk, infrastruktura, energetika, ulag we logistika ugurlarynda toplumlaýyn çözgütleri hödürleýär.

2022