Iýul III hepde: TDHÇMB-de eksport geleşikleri $69 milliondan geçdi

BT
Iýul III hepde: TDHÇMB-de eksport geleşikleri $69 milliondan geçdi
TDHÇMB-däki söwdadan pursat (Surat: TDHÇMB)

2025-nji ýylyň 14-19-njy iýuly aralygynda geçirilen söwdalarda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda umumy bahasy $69,1 milliondan gowrak bolan eksport geleşikleri baglaşyldy.

TDHÇMB-niň habar bermegine görä, ýurduň içki bazary üçin ýerli telekeçiler tarapyndan 95,68 million manat möçberinde önüm satyn alyndy.

Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda jemi 30 geleşik hasaba alyndy.

1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistandaky eksport-import amallary düzgünleşdirýän esasy edara bolup durýar.

2022