2025-nji ýylyň 15-nji iýulynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Atadurdy Baýramow Täze Zelandiýanyň paýtagty Wellingtonda ýurduň Daşary işler ministrliginiň Ýewropa bölüminiň we Daşary söwda ýolbaşçysy Rod Harris bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda Türkmenistan bilen Täze Zelandiýanyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň geljegi boýunça pikir alşyldy. Bu barada anna güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda Ilçi Atadurdy Baýramow Täze Zelandiýanyň DIM-niň Protokol bölüminiň ýolbaşçysy, şeýle-de bu ýurtdaky Türkiýäniň we Meksikanyň Ilçileri bilen hem duşuşdy. Gepleşiklerde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

2025-nji ýylyň 16-njy iýulynda ilçi Atadurdy Baýramow resmi taýdan Täze Zelandiýada akkreditirlendi we bu döwletdäki ilkinji diplomatik wekil hökmünde kabul edildi.
Ynanç hatlarynyň gowşurylyş dabarasy Hökümetiniň Wellingtondaky rezidensiýasynda geçirildi. Resminamalar Täze Zelandiýanyň General-gubernatory Sindi Kiro gowşuryldy. Atadurdy Baýramow Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisi wezipesini Ýaponiýadaky öňki diplomatik wezipesi bilelikde ýerine ýetirer.









30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


