Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri, Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni Balkan welaýatyna iş saparynyň çäginde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna görülýän taýýarlyk işleriniň alnyp barylyşy boýunça maslahat geçirdi. Maslahatda halkara forumyň geçiriljek döwründe jemgyýetçilik tertip-düzgünini we howpsuzlygy üpjün etmeklige aýratyn üns çekildi.
Tükrmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hukuk goraýjy edaralaryň utgaşdyrylyşyny, harby hem-de howpsuzlyk düzümleriniň berk gözegçiligini üpjün etmegiň wajypdygyny nygtady diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Maslahatyň gün tertibine guramaçylyk we infrastruktura meseleleri hem girizildi. Şeýle meseleleriň hatarynda “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynyň abadanlaşdyrylmagy, arassaçylyk düzgünleriniň üpjün edilmegi, saglygy goraýyş hyzmatlarynyň gije-gündiz işledilmegi we daşary ýurt wekillerine amatly şertleriň döredilmelidigi bellenildi.
Çäräniň medeni maksatnamasyna aýratyn üns çekilip, türkmen halkynyň Milli lideri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli tagamlarynyň festiwalyny we dost-doganlyk konsertleriniň geçirilmegini hem-de forumyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, internet giňişliginde giňişleýin beýan edilmegini tabşyrdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow saparynyň çäginde Hazar deňzinde gämili gezelenç edip, kenarýaka syýahatçylyk infrastrukturasyny synlady. Türkmenistanyň Howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Begenç Gündogdyýew maslahatyň geçirilýän döwründe kenarýaka sebitinde we deňiz giňişliklerinde tertip-düzgüniň üpjün edilmegi, gözegçilik gämileriniň taýýarlygy barada hasabat berdi.
Iş sapary tamamlanyndan soň, Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerden uçarda Aşgabat şäherine ugur aldy. Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini resmi adamlar garşyladylar.








_(1)30624-495x4352.jpg)



30635-90x604.jpg)





