Türkmenistanda “Elektron hökümet” ulgamy dörediler

BT
Türkmenistanda “Elektron hökümet” ulgamy dörediler
"Türkmenaragatnaşyk" agentliginiň stendi

Türkmenistanda häzirki zaman “Elektron hökümet” ulgamyny döretmek meýilleşdirilýändigi barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mämmethan Çakyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen hökümet mejlisinde hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Taslamany durmuşa geçirmek “Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda” we “Elektron hökümet hakynda” kanunlaryň çäginde amala aşyrylar.

Ulgamyň esasy maksady, sanly ykdysadyýeti ösdürmek, döwlet edaralarynyň işini döwrebap guramak, innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, şeýle hem sanly hyzmatlar tertipleşdirlip, zerur kadalaşdyryjy hukuk resminamalarynyň işlenip düzülmegini üpjün etmekdir.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Elektron hökümet” ulgamyny döretmek baradaky teklibi goldap, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryna degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisde şeýle hem döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere seredilip geçildi.

2022