Türkmen alymlary Hazar deňziniň suw ösümliklerinden biomalterial almagy başardylar

BT
Türkmen alymlary Hazar deňziniň suw ösümliklerinden biomalterial almagy başardylar
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary barlag işlerini geçirýärler, 2024-nji ýylyň oktýabry, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: TDH)

Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologik sebitiniň Biotehnologiýa laboratoriýasynyň alymlary Hazar deňzinde ösýän suw ösümliklerinden biomaterial almagyň täze tehnologiýasyny işläp düzdüler. 

Barlagyň netijesinde goňur we gök ýaşyl suw ösümlikleriniň birleşmesinden ybarat alginat kompozisiýasy alyndy. Bu barada dushenbe güni Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Goňur suw ösümliklerinden alnan alginatlar öz tebigy häsiýetleri we bioýaraşmallygy sebäpli azyk, farmasewtika we kosmetika senagatynda giňden ulanylýar. Täze işde biomaterial düzümine goşulan gök ýaşyl suw ösümlikleriniň goşundylary önümi goşmaça aktiw maddalar bilen baýlaşdyrýar.

Laboratoriýanyň müdiri Altyn Rahmanowanyň aýtmagyna görä, döredilen kompozisiýa kämilleşdirilen aýratynlyklary bilen tapawutlanýar: alginat biodargaýan esas bolup hyzmat edýär, gök ýaşyl suw ösümlikleri bolsa materiala antioksidant we ýokançlyga garşy häsiýetler, şeýle hem kislorod çykarmak ukybyny berýär. 

Bu biomaterial biomedisina ulgamynda, aýratyn-da, ýaralary bejermekde we dokma inženeriýada ulanmaga giň mümkinçilik döredýär. Şeýle hem azyk we kosmetika pudaklarynda-da ulanylmak mümkinçiligine eýedir. 

Ylmy işler Türkmenistanda 2024–2028 ýyllar aralygynda durmuşa geçirilýän biotehnologiýalaryň toplumlaýyn ösdürilmegi döwlet programmasynyň çäginde amala aşyrylýar, bu bolsa ýurtda tebigy serişdeler esasynda innowasion önümleri döretmegi göz öňünde tutýar.

Alginatlar — gara deňiz suw ösümliklerinden alnan tebigy maddalardyr. Olar suwy özüne siňdirip, gel görnüşine gelýärler, bu bolsa lukmançylykda ýaralary bejermekde, kosmetikada deri çyglandyrmakda we azyk senagatda serişdeleri goýaltmakda giňden ulanylýar.

2022