Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty ýyladyşhana hojalyklarynda ulanylmagy meýilleşdirilen, KAS-28, KAS-30 we KAS-32 görnüşlerinden ybarat köpugurly suwuk dökün taýýarlamak boýunça taslamasyny tamamlaýjy tapgyra ýetirdi. Bu dökünleriň düzüminde ösümlikleriň ösüşi üçin zerur bolan kaliý, azot, ammiýak selitra we beýleki goşundylar bar. Bu barada türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.
Täze önüme häzirki wagtda ýerli bazarda ýyladyşhanalarda gök önümleri, sitrus miweleri we banan ösdürip ýetişdirýän öndürjiler uly gyzyklanma bildirýärler. Şeýle hem goňşy ýurtlar bu döküni uly möçberde satyn almaga isleg bildirýärler. Suwuk dökünleriň önümçiligi institutyň binasynda, ýokary hilli önümçilik we hil barlagyny üpjün etjek laboratoriýa gözegçiligi astynda ýola goýulmagy meýilleşdirilýär.
Institutyň Tehnologik taslamalar we önümçilige ornaşdyrmak bölüminiň uly inženeri Amanmyrat Remezanowyň bellemegine görä, bu döküniň düzüminde ýyladyşhana ösümlikleriniň ösüşi üçin zerur bolan ähli maddalar — witaminler, minerallar, mikroelementler, şeýle hem ösümlikleriň kesellerinden we zyýankeşlerden goramak üçin niýetlenen komponentler bar.
Suwuk dökün görkezme esasynda dürli ekinleriň aýratynlyklaryna laýyk derejede suw bilen garylyp, damjalaýyn suwaryş ulgamy arkaly ösümlikleriň kök ulgamyna ýetirilýär. Bu usul bir wagtda hem suwarmaga, hem-de iýmitlendirmäge mümkinçilik berýär.
Önüm ekologiýa taýdan arassa bolup, ýyladyşhana we açyk meýdan ekinleri üçin, şol sanda gök önümler, ir-iýmişler we bakja önümleri üçin peýdalydyr.









30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


