“Tudana” kärhanasy “Kids Expo: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasynda täze önümleri — ýertudana şiresi we mürepbesi bilen tanyşdyrdy. Bu barada anna güni Türkmenitanyň resmi metbugaty habar berdi.
Tudananyň mürepbesi pektin, beta-karotin, dürli witaminler we peýdaly mineral maddalara baýdyr.
Täze ýertudana şiresi bolsa, beden üçin möhüm bolan ftor, natriý, magniý, demir, kaliý, sink, kalsiý ýaly mineral maddalary, şeýle hem В, С, Е we А witamin toparlaryny öz düzümine alýar. Ol aşgazanyň, bagryň we öd haltasynyň işine oňyn täsir edýär.
“Tudana” häzirki wagtda täze ýertudana amatly gaplamalarda — plastmassa gapçalarynda we lançboks görnüşinde hödürlemegini dowam edýär. Şeýle gaplamalar miweleri ter we bütin saklamaga mümkinçilik berýär.
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän kompaniýanyň ýyladyşhana toplumy döwrebap enjamlary bilen enjamlaşdyrylyp, ýokary hasyllylygy üpjün edýär. “Tudana” haryt nyşanly önümler Türkmenistanyň çägindäki 300-den gowrak söwda nokatlaryna satuwa çykarylýar hem-de Gazagystana we Özbegistana eksport edilýär.









30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


