Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň hünärmenleri S. Lisowenko bilen D. Arazow arçanyň dürli böleklerinden efir ýaglaryny alyp, olaryň esasynda üç görnüşli şypaly melhem taýýarlamak boýunça barlag işlerini geçirdiler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.
Himiýa institutynyň hünärmenleri “Türkmenderman Ajanta Pharma Limited” türkmen-hindi kärhanasynyň farmakologlary bilen hyzmatdaşlykda ösümligiň himiki düzümini derňediler. Alymlar ýaralary bejermekde, şol sanda gözüň retinasyndaky ýanyk şikeslerini bejermekde, ýaralaryň çalt bitmegine we arassalanmagyna kömek edýän efir ýaglarynyň esasynda taýýarlanylan 1, 3 we 5 göterimli melhemleri synagdan geçirýärler.
Arça haýal ösýän, zyýankeşlere çydamly garşy durnukly agaç bolup, onuň iňňe ýaly ýapraklary fitonsidleri we uçýan efir ýaglary bölüp çykarýar. Arçanyň ýokary bölegi halk lukmançylygynda rahatlandyryjy wannalary, damarlara kompress etmek, şireli dermanlary we ysly ýaglaryň taýýarlanylmagy üçin fitomaterial hökmünde ulanylýar. Türkmen arçasyna şypaly häsiýeti berýän efir ýaglarynyň düzüminde spirtler, terpenler we kislotalar ýaly köp sanly işjeň maddalar bar.
Taslama boýunça melhemleriň öndürilişi üçin arçanyň tebigy görnüşinden däl-de, ýörite zolaklarda ösdürilip ýetişdirilen nahallardan peýdalanmak meýilleşdirilýär. Sebäbi arça Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen ösümlikdir. Senagat maksatly ekilen arça nahallary geljekde dermanlyk çig malyň täze çeşmesine öwrülip, milli farmasewtika önümleriniň döremegine we dag etekleriniň tokaýlaşdyrylmagyna öz goşandyny goşup biler.
Arçanyň agaçlygy – berk, durnukly we uzak ömürlidir. Bu bolsa ony köp asyrlaryň dowamynda gurluşyk materialy we esasy ýangyç hökmünde peýdalanmaga sebäp bolupdyr. Hut şu aýratynlyklary sebäpli Beýik Ýüpek ýoly döwründe arça bilen sazak kömürleri gymmatly haryt bolup hasaplanýardy.









30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


