Serdar Berdimuhammedow türkmenistanlylary Bilimler we Talyp ýaşlar güni bilen gutlady

BT
Serdar Berdimuhammedow türkmenistanlylary Bilimler we Talyp ýaşlar güni bilen gutlady
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasyndaky orta mekdepde ilkinji jaň dabarasy, 2023-nji ýylyň 1 sentýabry (Surat: TDH)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhammedow Bilimler we Talyp ýaşlar güni hem-de 2025–2026-njy okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli mugallymlary, talyplary we mekdep okuwçylaryny gutlady. Bu barada duşenbe güni Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Döwlet Baştutany öz ýüzlenmesinde täze okuw ýylynyň dowamynda Aşgabat şäherinde Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň, Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça okuw binasynyň hem-de umumy ýaşaýyş jaýynyň, paýtagtda, obadyr şäherlerde bolsa täze orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň dabaraly açylmagy ýurdumyzyň bilim ulgamynyň dünýä derejesinde has-da ösdürilýändigine aýdyň şaýatlyk edýändigini belledi.

“Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň hem-de Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň binýadyny has-da pugtalandyrmakda, berkarar döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmek ýolundaky maksatlarymyzy durmuşa geçirmekde mugallymlarymyzyň, talyp ýaşlarymyzyň, mekdep okuwçylarymyzyň uly paýy bardyr” - diýip, Serdar Berdimuhammedow nygtady.

Döwlet Baştutany talyplara, okuwçylara we mugallymlara berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, ylmy hem-de döredijilik işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

2022