Türkmenistanda “Adalat” elektron ulgamy üçin täze töleg nyrhnamasy kabul edildi

BT
Türkmenistanda “Adalat” elektron ulgamy üçin täze töleg nyrhnamasy kabul edildi
Türkmenistanyň Adalat ministrligi, Aşgabat şäheri, Türkmenistan (Surat: instsld.gov.tm)

Türkmenistanyň Adalat ministligi ýurduň hukuk maglumatlaryny almak üçin “Adalat” elektron maglumat ulgamyna girmegiň täze töleg nyrhnamasyny kesgitledi. Degişli buýruga 2025-nji ýylyň 20-nji awgustynda Türkmenistanyň adalat ministri Merettagan Taganow gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Täze karara laýyklykda, bir gezeklik elektron ulgamyna giriş fiziki şahslara 200 manat, ýuridiki şahslara 400 manat möçberinde töleg bellenildi. Ygtyýarnama esasynda işleýan hususy notariuslar ýyllyk abuna üçin 240 manat tölärler.

“Adalat” onlaýn platformasyna internet arkaly girmegiň bahasy bir ulanyjy üçin aýda 20 manat diýip kesgitlenildi. Bu tölegiň içine programmany ulanmak boýunça maslahat hyzmatlary hem girýär. Eger-de ulanyjy programmany elektron göterijilere (diskler, USB fleşkalar) ýükläp ulanmaly bolsa, onda olary almak üçin goşmaça töleg talap edilýär.

Täze buýruk 2017-nji ýylyň 7-nji noýabrynda kabul edilen öňki düzgünleriň güýjüni ýitirenini resmi taýdan tassyklady. Bu resminama 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda döwlet hukuk reýestrine girizildi.

2022