Gökdepe etrabynda çüýşe önümlerini öndürýän täze önümhana açylar

BT
Gökdepe etrabynda çüýşe önümlerini öndürýän täze önümhana açylar
"Türkmen Aýna Önümleri" kärhanasy, Göktepe etraby, Ahal welaýaty, Türkmenistan (Surat: turkmenexporters.com.tm)

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda bir gije-gündiziň dowamynda 100 tonna çüýşe önümlerini öndürýän önümhananyň gurluşygy tamamlandy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň senagat we gurluşyk toplumy boýunça orunbasary Baýmyrat Annamämmedow anna güni geçirilen hökümet mejlisinde habar berdi.

Wise-premýer-ministriň hasabatyna görä, desganyň önümçiliginde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýokary hilli enjamlary ornaşdyryldy. Bu bolsa Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ýokary hilli ýerli önümlere bolan isleglerini kanagatlandyrmaga, pudagyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga, öndürilýän önümleriň mukdaryny artdyrmaga, olaryň görnüşlerini giňeltmäge mümkinçilik berer. Bu barada Türkmensitanyň resmi metbugaty habar berýär.

Türkmenistanyp Prezidenti Serdar Berdimuhammedow hasabaty diňläp, gurluşyk we senagat toplumynyň yzygiderli ösdürilýändigini, dünýäniň öňdebaryjy tehnologik enjamlary ornaşdyrylan senagat kärhanalarynyň gurlup ulanmaga berilýändigini, netijede, ýurdumyzda senagat önümleriniň dürli görnüşleriniň önümçiliginiň ýola goýulýandygyny aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany wise-premýere Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda täze gurlan çüýşe önümlerini öndürýän önümhananyň açylyş dabarasyna hem gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere seredildi, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

2022