Türkmenistanda zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasy tassyklanyldy

BT
Türkmenistanda zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasy tassyklanyldy
Türkmensitanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow (Surat: TDH)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisininde “Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda” Karara gol çekdi, diýip Türkmensitanyň resmi metbugaty habar berýär.

Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow “Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” hem-de bu Konsepsiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň taslamalary barada hasabat berdi. Bu resminamalar 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkemnistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň öňde goýan wezipelerine laýyklykda taýýarlanyldy.

Konsepsiýada zähmet bazarynyň ösdürmeginiň maksatlary, wezipeleri we esasy ugurlary kesgitlendi. Resminama laýyklykda, ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryndan ugur alyp, bu ulgamyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, sanly hyzmatlaryň gerimini giňeltmek boýunça birnäçe çäreleri durmuşa geçirmek bellenildi.

Mundan başga-da, resminamada ýurduň zähmet bazaryny öwrenmegiň, iş üpjünçilik bilen bagly maglumatlary seljermegiň usullaryny, bu ugurda hereket edýän hasabatlaryň görnüşlerini kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmek, ýurdumyzyň bu guramanyň esasy we ileri tutulýan konwensiýalaryna goşulmagy ýaly meseleleri öwrenmek meýilleşdirilýär.

Serdar Berdimuhamedow Türkmensitanda zähmet bazarynyň ösdürmäge uly üns berilýändigini nygtap, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi. 

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere seredildi, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

2022