Aşgabatda 2025-nji ýylyň 18–20-nji sentýabr aralygynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli ýurduň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçiriler. Bu barada TSSE habar berýär.
Sergä Türkmenistanyň öňdebaryjy ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary hem-de daşary ýurt kompaniýalary gatnaşar.
Çärede milli senagat, oba hojalyk, energetika, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk ýaly möhüm pudaklarda gazanylan häzirki zaman üstünlikler giňden görkeziler.
Habarda bellenilişi ýaly sergi Türkmenitanyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmeklige açykdygyny görkezip, daşary ýurtly kompaniýalar we türkmen işewürleri üçin hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde täsirli işewür meýdança bolup hyzmat eder.



30635-495x4352.jpg)



30457-495x4352.jpg)
30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


