“Apple” kompaniýasy sentýabr aýynda täze enjamlarynyň tanyşdyryş dabarasyny geçirdi. Çärede täze “iPhone 17”, ultra inçe “iPhone Air”, “Apple Watch” sagatlaryň täze nusgalary hem-de “AirPods Pro 3” görkezildi. Esasy täzeligi bolsa “iPhone 17 Pro” we “17 Pro Max” modelleri boldy.
Modeller “suwuk aýna” tehnologiýasy bilen taýýarlanan täze korpus dizaýny bilen tapawutlanýar. Olaryň ýeňil, berk we gyzmagynyň öňüni alýan gurluşy ýaly aýratynlygy bar.
Döwrebaplaşdyrylan kameralaryň üç moduly hem indi 48 megapiksel çözgütde surata düşürýär. Teleobýektiw 8 esse optiki we 40 esse sanly ýakynlaşdyrmagy üpjün edýär. Wideoýazgyny bolsa 4K formatda, bir sekuntda 120 kadr alyp bolýar. Frontal we esasy kamera bilen bir wagtda ýazga düşürmek hem mümkindir.
“iPhone 17 Pro” modeli 6,3 duýmlyk, “Pro Max” bolsa 6,9 duýmlyk ekran bilen üpjün edildi. Iki telefon hem täze, has berk “Ceramic Shield 2” aýna bilen enjamlaşdyrylandyr. Ekranlaryň ýagtylygy 3000 nit çenli ýetýär — bu hem gün şöhlesiniň astynda-da ýagty we anyk görnüşi üpjün edýär.
Enjamda täze “A19 Pro” çipi ýerleşdirilendir. Ol öňki modeller bilen deňeşdirilende 40% çalt işleýär. Bugly kamera ulgamyndaky täze sowadyş ulgamy telefony gyzmakdan goraýar. “Pro Max” modelindäki batareýanyň göwrümi indi 5000 mA•s-den ýokary bolup, 39 sagada çenli zarýadsyz işlemegi üpjün edýär.
Täze smartfonlar Wi-Fi 7, Bluetooth 6 we Thread standartlaryny goldaýar. Bahalar “iPhone 17 Pro” üçin $1099-dan, “Pro Max” üçin bolsa $1199-dan başlaýar.



30635-495x4352.jpg)



30457-495x4352.jpg)
30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


