Türkmenistanyň Prezidenti Dünýä türkmenleriniň Ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahatynyň gatnaşyjylaryny gutlady

BT
Türkmenistanyň Prezidenti Dünýä türkmenleriniň Ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahatynyň gatnaşyjylaryny gutlady
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIII maslahaty, 2022-nji ýylyň 15-nji sentýabry, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: TDH)

Türkmenistanyň Prezidenti Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahatynyň öz işine başlamagy bilen  maslahata gatnaşyjylary gutlady. Maslahat Garaşsyzlygyň 34 ýyllygyna hem-de hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Serdar Berdimuhamedow öz gutlagynda bu maslahatyň dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşaýan watandaşlarymyzyň arasyndaky jebisligi, agzybirligi we doganlyk gatnaşyklaryny berkitmekde aýratyn ähmiýetiniň bardygyny belledi. Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlygyň hem-de üç gezek Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplygyň milli döwletliligiň sütüni we ýurduň dünýä derejesindäki abraýynyň mizemez binýady bolup durýandygyny nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti maslahata gatnaşýan birleşigiň agzalaryna dünýäde parahatçylyk, dostluk we ynsanperwerlik ýörelgelerini ýaýmakda, şeýle-de berkarar Watanyň şan-şöhratyny mundan beýläk-de belende götermekde alyp barýan işleriniň örän ähmiýetlidigini aýdyp, çuňňur minnetdarlyk bildirdi. 

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi — dürli ýurtlarda ýaşaýan türkmenleri birleşdirýän halkara jemgyýetçilik guramasydyr. Guramanyň esasy maksady Watana bolan ruhy we medeni baglanyşyklary berkitmekden, türkmen dilini, däp-dessurlaryny hem-de milli mirasyny gorap saklamakdan ybaratdyr. Şeýle hem birleşik daşary ýurtlardaky watandaşlaryň arasynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge we türkmen medeniýetini dünýä ýaýmaga aýratyn goşant goşýar.

2022