Türkmenistanyň Prezidenti, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow anna güni Döwlet serhet gullugynyň Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugatyhabar berýär.
Täze gurlan toplum dolandyryş binasyndan, nyzam meýdançasyndan, 300 orunlyk medeniýet öýünden, esgerler üçin ýatakhanadan, sport we sagaldyş toplumyndan hem-de döwrebap naharhanadan ybaratdyr. Mundan başga-da, gullukçylaryň we olaryň maşgalalarynyň ýaşaýşy üçin 144 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýlary gurlup, ähli amatlyklar bilen üpjün edildi.
Toplum häzirki zaman tehnologiýalary we sanly ulgam bilen enjamlaşdyrylyp, döwlet serhedinde gije-gündiz gözegçiligi üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa Milli goşunyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilýändiginiň we harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli gowulandyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow täze toplumyň düzüm bölekleri bilen tanyşdy. Ol esgerleriň ýaşaýyş jaýlaryna, ýatakhanalara, naharhana, söwda nokadyna we döwrebap lukmançylyk merkezine baryp gördi. Şeýle-de, maşgalalar we çagalar üçin döredilen oýun hem-de sport meýdançalarynyň mümkinçiliklerine aýratyn üns berdi.
Döwlet Baştutanymyz harby tehnikalaryň aýratynlyklary bilen tanyşlygyň dowamynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň mundan beýläk-de yzygiderli berkidiljekdigini belläp, şeýle hem harby gullukçylaryň, söweşjeň tehnikalara erk edýän ýaş esgerleriň we serkerdeleriň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilmelidigini nygtady.
Sarahsdaky täze toplumyň ulanylmaga berilmegi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygynyň öňüsyrasynda amala aşyrylyp, serhet gullukçylary üçin möhüm sowgat hökmünde aýratyn ähmiýete eýe boldy.








_(1)30624-495x4352.jpg)



30635-90x604.jpg)





