Lebap welaýatynda dört sany täze şäherçäniň gurluşygy giň gerimde dowam edýär. Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň çäginde 500 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýlary, şeýle hem Halaç, Saýat we Çärjew etraplarynda her birinde 1000 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýlary bina edilýär. Bu barada “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetiniň düşenbe günündäki sanynda habar berilýär.
Gurluşyk işleri tamamlanandan soňra, jemi 3500 maşgala täze öýleriň açarlaryny alyp, döwletiň her bir maşgalany ýaşaýyş jaý bilen doly üpjün etmäge gönükdirilen maksatnamasynyň ýerine ýetirilmegine şaýatlyk eder.
Şu ýyl ýurduň gündogar sebitinde ýaşaýyş jaý taslamalary üçin 104,76 million manat maliýe serişdeleri bölünip berildi. Şol serişdeleriň 80 göterimine golaýy şu ýylyň birinji ýarymynda özleşdirildi.
Ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy bilen bir hatarda, täze obalaryň elektrik we gaz üpjünçiligi, arassa agyz suw üpjünçiligi üçin inžener ulgamlary gurulýar. Diňe elektrik üpjünçiligine şu ýyl 12 million manada golaý serişde gönükdirilýär. Bu bolsa täze obalaryň ulanyşa girizilenden başlap ähli zerur durmuş hyzmatlary bilen üpjün edilmegine mümkinçilik berer.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini 2028-nji ýyla çenli döwürde düýpli özgertmek boýunça Milli maksatnamasynyň”çäklerinde welaýatlarda ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, şeýle hem infrstrukturany ösdürmäge gönükdirilen 87 sany medeni-durmuş maksatly desga gurlar.



30625-495x4352.jpeg)





30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


