Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginde sişenbe güni täze Bagtly zamana obasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşigi habar berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň bu çäre bilen bagly iberen gutlag hatynda, täze ýaşaýyş nokatlarynyň gurlup ulanmaga berilmegi ýurtda durmuşa geçirilýän giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleriň aýdyň subutnamasy bolup durýandygy, sebitlerde döwrebap durmuş we ykdysady infrastrukturanyň döredilmegi, ylmy-tehniki ösüşiň üstünlikleriniň hem-de innowasiýalaryň ähli ugurlara ornaşdyrylmagy ýurduň ykdysady kuwwatynyň we sazlaşykly ösüşini görkezýändigi bellenilýär.
Täze obada 400 sany ýaşaýyş jaýy, 640 orunlyk orta mekdep, 320 orunlyk çagalar bagy, söwda merkezi hem-de geňeşligiň edara binasy gurlup, häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilendir.
Bagtly zamana obasy sebitiň durmuş we medeni ösüşine goşant goşup, Türkmenistanda dörediljek geljekki ýaşaýyş nokatlaryna nusga bolar.
Şol gün Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Akýap geňeşliginde hem 320 orunlyk täze çagalar bagynyň açylyş dabarasy geçirildi.



30635-495x4352.jpg)



30457-495x4352.jpg)
30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


