Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow 22-nji sentýabrda Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň çäklerinde ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landau bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, şol sanda maýa goýumlary we tehnologik ugurlar aýratyn üns merkezinde boldy.
Duşuşykda ABŞ-nyň öňdebaryjy kompaniýalaryny birleşdirýän we işewür gatnaşyklaryň giňelmegine ýardam berýän “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň ähmiýeti nygtaldy. Şeýle-de, taraplar özara gyzyklanma döredýän halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Şeýle hem, 2025-nji ýylyň 20-nji awgustynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Waşington şäherinde ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio bilen duşuşyk geçirdi.








_(1)30624-495x4352.jpg)
30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


