Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Nýu-Ýorkda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy.
BMG-niň resmi metbugat gullugynyň habar bermegine görä, BMG-niň Baş sekretary 3–8 awgust aralygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň ýokary derejede gurandygy üçin Türkmenistanyň Prezidentine minnetdarlyk bildirdi.
Duşuşykda Türkmenistanyň parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary boýunça pikir alşyldy. BMG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň “BMG-80” başlangyjyna hem-de “Geljegiň hatyrasyna pakty” boýunça beren goldawyny aýratyn belläp geçdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-nyň Baş Assambleýanyň 80-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin duşenbe güni iş sapary bilen Nýu-Ýorka bardy. Sessiýanyň Baş maslahatlary 23-29-njy sentýabr aralygynda geçiriler we onda jemi 97 döwletiň Baştutanynyň çykyş etmegine garaşylýar.








_(1)30624-495x4352.jpg)
30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


