Şenbe güni, 11-nji oktýabrda birža söwdalarynda daşarky bazarda Singapur Respublikasynyň işewürleri ýerli işewürlerden aşgarlanmadyk wafli matasyny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Içerki bazarda ýerli işewürler Dokma senagaty ministrliginden aşgarlanmadyk kardly ýekegat nah ýüplügi, 2-sort agardylmadyk ýekegat nah ýüplügi, ýeke gat kardly agardylmadyk A-klass, 1 sort nah ýüplügi we nah Kreton çig matany satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 7 755,00 ABŞ dollaryna we 18 666 200,00 manada deň bolan 6 geleşik baglaşyldy.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy









30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


