Sankt-Peterburgyň we Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržalarynyň (TDHÇMB) arasynda tehnologik we marketing hyzmatdaşlygy boýunça ylalaşyk baglaşyldy.
Resminama Aşgabatda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus toparynyň 13-nji mejlisiniň çäklerinde, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Marat Husnulliniň hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýewiň gatnaşmagynda gol çekildi. Iki ýurduň biržalarynyň hyzmatdaşlygy döwlet derejesinde makullanyldy we mejlisiň jemleýji resminamasynda öz beýanyny tapdy.
Ylalaşyk halkara bazarlarynda haryt dolanyşygynyň çägini giňeltmäge, birža söwdalarynyň gatnaşyjylarynyň sanyny artdyrmaga, haryt bazarlarynyň ykdysady mümkinçiliklerini pugtalandyrmaga hem-de söwda tehnologiýalaryny ösdürmäge gönükdirilendir.
Hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary:
• birža söwdalary üçin programma üpjünçiligini döwrebaplaşdyrmak we tehnologik tejribeleri paýlaşmak;
• döwrebap söwda usullaryny ösdürmek;
• Russiýanyň we Türkmenistanyň bazarlarynda marketing gözleglerini geçirmek we netijeleri paýlaşmak;
• aýry-aýry harytlaryň birža söwdalarynda bilelikde mahabatlandyrylmagy;
• söwdalary guramak we täze birža önümlerini döretmek boýunça bilelikdäki taslamalar.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy (TDHÇMB) Türkmenistanyň Prezidentiniň 1994-nji ýylyň 29-njy iýulyndaky Karary bilen döredildi we ýurduň iň möhüm ykdysady instituty bolup durýar. Birža eksport we import amallaryny amala aşyrmakda döwleti düzgünleşdirýän esasy edaranyň wezipesini ýerine ýetirýär. Sazlaşykly döredilen mehanizm halkara ykdysady ulgamyna üstünlikli birleşmäge mümkinçilik berýär. Birža söwdasynda ýerli öndürilen önümler dünýäniň birnäçe ýurduna eksport edilýär we birža söwdalarynda satylýar. Esasan Birža söwdalarynyň üsti bilen nebit önümleri, pagta süýümi, dokma we himiýa senagatynyň önümleri eksport edilýär.
Çeşme: Sankt-Peterburgyň halkara haryt-çig mal biržasy









30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


