Apple MacBook M5 Pro we iPad Pro enjamlaryny tanyşdyrdy.
M5 prosessor DÜNÝÄDÄKI IŇ ÇALT prosessor boldy.
MacBook Pro M5 noutbuklaryň arasynda täze lider boldy:
CPU – 10 ýadro. M4-den 20% çalt we M1-den iki esse güýçli.
GPU – şeýle hem 10 ýadro, oýunlarda we professional programmalarda M4-den iki esse çalt.
Her GPU-da Neural Accelerator – indi 3D, render we montaj işleri has çalt amala aşyrylýar.
AI-wezipeler – M4-den üç esse çalt.
SSD – iki esse çalt, batareýanyň ömrü – bir gije-gündiz elektrik toguna birikdirmän, ýarym sagatda 50% zarýad.
MacBook Pro taryhynda iň uly öndürijilik artymy.
Bahasy – 1599 dollardan başlaýar, reňkleri: kümüş we kosmos gara.

M5 çipi bilen täze iPad Pro – bu indi planşet däl-de, eýsem sensor ekranly ýuka MacBook.
Galyňlygy – bary-ýogy 5,1 mm, iPhone-dan hem ýuka. Içinde doly M5 çipi bar.
16 GB çenli operatiw ýat, 2 TB çenli SSD, Ultra Retina XDR ekran – 13 dýuým, 1600 nit ýagtylyk.
Bahalary 11 dýuýmlyk görnüşi üçin 999 dollardan we 13 dýuýmlyk görnüşi üçin 1299 dollardan başlaýar.
Öňünden sargytlar eýýäm açyk, satuwlar 22-nji oktýabrda başlar.
Çeşme: THP



30635-495x4352.jpg)



30457-495x4352.jpg)
30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


