Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuwwatlylygy ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürýän toplumyň gurluşygynyň, Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy — Garabogaz böleginiň düýbüni tutmak, şeýle hem Esenguly etrabynda kuwwatlylygy gije-gündizde 20 müň kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desganyň we Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.
Hormatly Prezidentimiz howa menzilinden awtoulagda Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuwwatlylygy ýylda 1 million 155 müň tonna deň bolan karbamid öndürýän toplumyň gurluşygynyň düýbüni tutmak dabarasynyň geçirilýän ýerine ugrady.
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda düýbi tutulýan täze karbamid öndürýän toplum hem uly möçberli maýa goýum taslamalarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda häzirki wagtda “Tejenkarbamid”, “Marykarbamid”, “Garabogazkarbamid” zawodlary hereket edýär. Bu täze gurulýan toplum hem ekologik taýdan dünýä standartlaryna gabat geler. Häzirki zaman toplumynyň gurluşygyny Ýaponiýanyň “Mitsubishi Corporation” we Türkiýäniň “Gap Inşaat” kompaniýalarynyň konsorsiumy ýerine ýetirer. Täze toplumyň önümçiliginde Ýewropanyň, Aziýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň kämil tehnologiýalary ornaşdyrylar.
Bu ýerde bir gije-gündiziň dowamynda 2 müň tonna, ýylda bolsa 660 müň tonna ammiak öndüriler we ol çig mal hökmünde karbamid önümçiliginde peýdalanylar. Umuman, kärhanada bir gije-gündiziň dowamynda 3 müň 500 tonna, ýylda bolsa 1 million 155 müň tonna karbamid döküni öndüriler. Bu döwrebap kärhanada öndüriljek dökünler daşary ýurtlara hem eksport ediler. Täze kärhanada müňden gowrak täze iş orny dörediler. Zähmet çekjek hünärmenleriň köpüsi daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde taýýarlanyp, olaryň işlemegi üçin ähli zerur şertler dörediler.
Düýbi tutulan karbamid öndürýän toplumyň gurluşygyny “Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.” kompaniýasy “GAP Inşaat” kompaniýasy bilen bilelikde ýerine ýetirer.
Karbamid öndürjek toplumyň gurluşygy Türkiýäniň “Gap Inşaat Ýatyrym we Dyş Tijaret A.Ş.” we Ýaponiýanyň “Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.” kompaniýalaryna ynanyldy. Taslamanyň tehnologiýasy we tilsimatlary, ýagny ammiak önümçiligi Daniýanyň “Topsoe” kompaniýasy, karbamid sintezi Italiýanyň “Saipem”, digirlenen karbamid önümçiligi Germaniýanyň “ThyssenKrupp”, kömürturşy gazyny gaýtadan önümçilige iberýän tehnologiýasy bolsa Ýaponiýanyň “Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.” kompaniýasy tarapyndan ýerine ýetiriler.



30625-495x4352.jpeg)





30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


