Ýanwar–awgust: Azerbaýjan Türkmenistandan 212,2 mln kub metr gaz import etdi

BT
Ýanwar–awgust: Azerbaýjan Türkmenistandan 212,2 mln kub metr gaz import etdi
SOCAR kompaniýasynyň hünärmenleriň alyp barýan işinden bir pursat (Surat: SOCAR)

2025-nji ýylyň ýanwar–awgust aýlarynda Azerbaýjan Respublikasy Türkmenistandan 212,2 million kub metr tebigy gaz import etdi.

Satyn alnan tebigy gazyň jemi bahasy $32,4 million ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada “Trend” agentligi Döwlet statistika komitetiniň maglumatlaryna salgylanyp, geçen çarşenbe güni habar berdi.

Ýylyň birinji ýarymynda Azerbaýjan jemi halkara bazarlardan 16,5 milliard kub metr tebigy gazy satyn aldy. Onuň bahasy $6 milliard ABŞ dollaryna barabar boldy.

2025-nji ýylyň ýanwar–iýun aýlarynda Azerbaýjan Respublikasy Türkmenistandan 187 million kub metr tebigy gazy import etdi.

2022