Türkmenistan bilen Aziýanyň Ösüş Banky Aşgabat şäherinde häzirki zaman Şepagatçylyk işi boýunça lukmançylyk orta okuw mekdebiniň gurluşygyny maliýeleşdirmek boýunça 64,7 million ýewro (75 million ABŞ dollaryna barabar) möçberinde Ylalaşyga gol çekdi. Resminama Aziýanyň Ösüş Bankynyň (AÖB) Prezidenti Masato Kandanyň Aşgabada bolan saparynyň dowamynda gol çekildi diýip, bankyň metbugat gullugy sişenbe güni habar berdi.
Taslama “Şepagatçylyk işiniň mümkinçiliklerini we hilini ýokarlandyrmak” atly taslamanyň çäginde — AÖB-niň Türkmenistanyň saglygy goraýyş pudagyndaky ilkinji maksatnamasy hökmünde durmuşa geçirilýär. Şeýle hem bu taslama Ýaponiýanyň Aziýa we Ýuwaş umman sebitinde durnukly ösüş gaznasyndan (JFPR) 2 million ABŞ dollarlyk grant bölünip berler.
Saparyň çäginde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen AÖB-niň arasynda tehniki goldaw babatda hyzmatdaşlyk hakyndaky resminama hem gol çekildi.

Şeýle hem AÖB-niň Prezidenti Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygy Toýly Mälikow bilen gepleşik geçirdi. Duşuşykda taraplar häzirki hyzmatdaşlygyň ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar we geljekde hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Masato Kanda bankyň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ileri tutulýan ugurlarynda täze maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmaga hem-de hususy pudagy ösdürmäge goldaw bermäge taýýardygyny nygtady.
Aziýa Ösüş Banky — Aziýa we Ýuwaş umman sebitindäki ýurtlaryň durnukly ykdysady ösüşini goldamak maksady bilen döredilen halkara maliýe guramasy bolup, döwletlere karzlar, grantlar we tehniki goldawlary berýär.



30625-495x4352.jpeg)





30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


