UNFPA Türkmenistanyň gender deňligi boýunça başlangyçlaryna ýokary baha berdi

BT
UNFPA Türkmenistanyň gender deňligi boýunça başlangyçlaryna ýokary baha berdi
Sapar Palwanowyň Çinwe Ogbonnа bilen duşuşygy, 2025-nji ýylyň 19-njy noýabry, Brýussel, Belgiýa (Surat: Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy)

BMG-niň Ilat gaznasy (UNFPA) Türkmenistanda gender deňligini berkitmek babatynda alnyp barylýan başlangyçlaryna ýokary baha berdi. Bu barada UNFPA-nyň Türkmenistan we Gyrgyzystan boýunça ýolbaşçysy Çinwe Ogbonna Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow bilen geçiren duşuşygynda aýtdy. Bu barada çarşenbe güni Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy habar berdi.

Duşuşykda taraplar häzirki ýurt maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi we Türkmenistanyň hem-de BMG-niň Ilat gaznasynyň arasynda ylalaşylan täze bäş ýyllyk hyzmatdaşlyk maksatnamasy barada giňişleýin maslahatlaşdylar.

Duşuşykda degişli türkmen edaralarynyň kabul edilen maksatnamalara işjeň gatnaşýandygyny we oňyn netijeleri gazanýandygy bellenildi. BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) wekili ýetilen üstünlikleriň Türkmenistanyň yzygiderli döwlet syýasatynyň hem-de gurama bilen netijeli hyzmatdaşlygynyň subutnamasydygyny nygtady.

Çinwe Ogbonna 10-njy dekabrda Awazada geçiriljek häzirki jemgyýetde zenanlaryň ornuna bagyşlanan halkara konferensiýanyň ähmiýetini belledi. Ol bu çärä gatnaşjakdygyny aýdyp, duşuşyk meýdançasynyň tejribe alyşmak hem-de sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin möhüm mümkinçilik döretjekdigine ynam bildirdi.

UNFPA — BMG-niň Ilat gaznasy bolup, demografik ösüş, reproduktiw saglyk, zenan hukuklary we gender deňligi ýaly ugurlar boýunça ýöriteleşen halkara guramadyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022