Türkmenistan bilen Gazagystan gurluşyk materiallarynyň iberilmegini artdyrmakçy

BT
Türkmenistan bilen Gazagystan gurluşyk materiallarynyň iberilmegini artdyrmakçy
Toýguly Nurowyň Ýersaýyn Nagaspaýew bilen duşuşygy, 2025-nji ýylyň 23-27-njy noýabry, Er-Riýad, Saud Arabystany (Surat: Türkmenistanyň Saud Arabystandaky ilçihanasy)

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Toýguly Nurow Gazagystan Respublikasynyň senagat we gurluşyk ministri Ýersaýyn Nagaspaýew bilen Er-Riýadda duşuşyk geçirdi. Duşuşykda taraplar öz ýurtlarynda öndürilýän gurluşyk materiallarynyň eksport-import mümkinçilikleriniň giňeldilmegini maslahatlaşdylar. Bu barada çarşenbe güni Türkmenistanyň Saud Arabystanyndaky Ilçihanasy habar berdi.

Gepleşikler 2025-nji ýylyň 23–27-nji noýabry aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynda geçirilýän BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň (UNIDO) 21-nji Baş maslahatynyň çäginde geçirildi.

Taraplar metallurgiýa, maşyn gurluşygy hem-de gurluşyk materiallarynyň öndürilişi boýunça senagat gatnaşyklarynyň giňeldilmegine aýratyn üns berdiler.

Türkmen tarapy Türkmenistanda öndürilýän ýokary hilli sementiň görnüşleri, onuň eksport mümkinçilikleri, şeýle hem “Türkmen aýna önümleri” kärhanasynyň önümçilik işleri barada giňişleýin maglumat berdi.

Aşgabat we Astana türkmen tebigy gazynyň Gazagystanyň çäginden üstaşyr Hytaýa, Eýrana we Günorta Aziýa ýurtlaryna ibermek mümkinçiliklerini hem öwrenýärler.

 

2022